- giç
- [gi:ç]Öz bolmaly ýa-da edilmeli wagtyndan san wagtyň köpüsini geçirip.∙ Heniz giç däl, gelip ýetdiň myradym! (Sowet Edebiýaty Žuraly)∙ Seňin daşy jöjek içi möjekdigiňi men giç aňladym. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Iş köp bolanda, giç ýatylýar. Giç ýa-da ir tur, alty pişegi artyk ur. (Nakyl)∙ Şolo tamjagazda ir etir, giç agşam tamdyranyň tary seslenýär. (Sowet Edebiýaty žurnaly)Ýazuw düzgüni: Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, dymyk ç çekimsizi açyk j çekimsizine öwrülýär.Meselem giç - gijim, gijiň.◊ giç ýagşy — Gün ýaşandan soň agşam bir öýe barlanda: «Agşamyňyz haýyr bolsun!» diýlen manyda aňladýan söz.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.